UEFA Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek wekilçilik edýän “Bude-Glimt” topary öz meýdançasynda 2023-nji ýylyň çempiony “Mançester Siti” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlaryň goragdaky ýalňyşlyklaryndan ýerlikli peýdalanan “Bude-Glimt” topary 3-1 hasabynda üstün çykyp, Çempionlar Ligasynyň taryhyndaky ilkinji ýeňşini baýram etdi. Ýer eýeleri 1-nji ýarymda 2 minutda Kasper Högüň gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. 58-nji minutda Ýens-Peter Heuge aratapawudy 3 gola çykardy. Şerkiniň 60-njy minutdaky goly iňlis kluby üçin ýeňşe ýetmedi. 61-62-nji minutlarda, has takygy 53 sekundyň dowamynda 2 sary kart alan Rodri meýdançada çykaryldy. “Mançester Siti” kluby “Bude-Glimt” toparynyň ýeňen ilkinji iňlis wekili boldy.
Iň aşaky orunda barýan ýaryşyň debýutanty “Kairat” topary öz meýdançasynda “Klub Brýuggeden” 4-1 hasabynda asgyn geldi. Myhmanlara ýeňiş getiren gollary Stankowiç, Waneken, Wermant hem-de Mehele öz atlaryna ýazdyrdylar.
PDF









