Angliýaly meşhur futbolçy Kaýl Wolker 6 aýdan soň ýene-de öz ýurduna dolandy. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Milanda” kärendesine oýnan ýyldyz oýunçy “Mançester Sitiden” “Premier Liga” gaýdyp gelen “Börnli” toparynyň düzümine goşuldy. 35 ýaşyndaky sagy gyraky goragçy “Börnli” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Börnli” topary Wolkeriň transferi üçin şäherlilere 6 million ýewro gola pul tölär. Karýerasyna “Şeffild Ýunaýtedde” başlan Wolker “Nortampton Tawn”, KPR, “Aston Willa” klublarynda kärendesine çykyş etdi. “Tottenhamda” 6 möwsüm oýnan Wolker 2017-2025-nji ýyllar aralygynda-da “Mançester Sitiniň” köýnekçesini geýdi. Şäherlileriň düzüminde APL-de 6 çempionlyk gazanan Wolker Angliýanyň ýygyndysynda 96 oýunda meýdança çykdy.