“Mançester Ýunaýted” 100 million ýewrolyk täze transferi bilen şertnama baglaşdy

152

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary “Aýaksyň” braziliýaly ýarymgoragçysy (winger) Antonini resmi ýagdaýda transfer etdi. Iňlis kluby 22 ýaşly oýunçy bilen şu gün 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Oýunçynyň transferi tölegi hökmünde iňlis topary “Aýaksa” 95+5 million ýewro berer. 2020-nji ýylda “Sao Paulodan” 20 million ýewro transfer edilen doly Antoni Mateus dos Santos bolan futbolçy amsterdamlylaryň düzüminde 82 oýunda 25 gol geçirdi. Ol Pol Pogba we Romelu Lukakudan soň “Mançester Ýunaýtediň” taryhyndaky iň gymmat 3-nji transferdir.