Angliýanyň çempionatynda 22-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda, Mançester derbisinde “Ýunaýted” öz meýdançasynda “Sitini” 2-0 hasabynda ýeňdi. Möwsümiň ahyryna çenli Maýkl Karrigiň tälimçilige bellän “Ýunaýtediň” gollaryny 2-nji ýarymda Mbemo bilen Dorgu geçirdi. Duşuşykda ýer eýeleriniň ýene-de 3 goly ofsaýd sebäpli hasaba alynmady.

Sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda “Nottingam Forest” bilen golsuz deňme-deň oýnap, utuk aratapawudyny hasam artdyrmak mümkinçiliginden ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Topçular myhmançylykdaky bassyr 2-nji duşuşygyny golsuz tamamlady.

Çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan “Aston Willa” topary-da “Ewertondan” 1-0 hasabynda asgyn gelip, 8 oýundan soň öz meýdançasynda utuldy.

Soňky çempion “Liwerpul” öz meýdançasynda “Börnli” bilen duşuşyp, utuklary paýlaşdy (1-1). “Liwerpul” topary çempionatda bassyr 4 duşuşykdan bäri deňme-deň oýnap gelýär. Duşuşygyň 32-nji minutynda Soboslainiň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy ýokarky sütünden yzyna gaýtdy.

London derbisinde “Çelsi” öz meýdançasynda “Brentforddan” Žoao Pedronyň (26) hem-de Palmeriň (76 p) gollary bilen 2-0 hasabynda üstün çykdy. Başga bir London derbisinde “Tottenham” öz meýdançasynda “West Hamdan” 90+3-nji minutda geçirden goly esasynda 2-1 hasabynda asgyn geldi.

“Premier Ligada” 22-nji tapgyryň netijeleri:

Mançester Ýunaýted – Mançester Siti: 2-0 (Mbemo 65, Dorgu 76),

Liwerpul – Börnli: 1-1 (Wirts 42 – Edwards 65),

Lids – Fulham: 1-0 (Nmeça 90+1),

Sanderland – Kristal Palas: 2-1 (Le Fe 33, Brobbi 71 – Pino 30),

Tottenham – West Ham: 1-2 (Romero 63 – Sammerwill 15, Wilson 90+3),

Çelsi – Brentford: 2-0 (Žoao Pedro 26, Palmer 76 p),

Nottingam Forest – Arsenal: 0-0,

Wulwerhempton – Nýukasl: 0-0,

Aston Willa – Ewerton: 0-1 (Barri 59),

Braýton – Bornmut (şu gije)