Merkezi Afrika Respublikasynyň Konstitusion geňeşi duşenbe güni 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň gutarnykly netijelerini mälim etdi. Onuň netijelerine görä, häzirki Prezident Fosten-Arkanž Tuadera ýene-de ýeňiş gazandy.
“Sesleriň 77,90 göterimine eýe bolan F.A. Tuadera ýedi ýyllyk möhlet bilen prezidentlik wezipesine girişer” diýlip, ýurduň paýtagty Bangi şäherinde geçirilen resmi dabarada Konstitusion geňeş tarapyndan habar berildi.
Prezident saýlawlaryna gatnaşan beýleki dalaşgärler – öňki Premýer-ministrler Anise-Žorž Dologele we Anri-Mari Dondra degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Bu barada ýurduň saýlaw edarasy bolan Milli saýlaw komissiýasy habar berýär.
2016-njy ýyldan bäri häkimiýet başyndaky F.A.Tuadera özüniň prezidentlik döwrüniň üçünji möhletine başlar.
PDF









