Geçen aý Marsa gondurylan “Perseverance” marsohodynky kiçijik dikuçaryň uçmaga taýýardygy mälim edildi. Mälim bolşy ýaly “Perseverance” robotynyň ýany bilen kiçijik dikuçar hem Gyzyl planeta iberilipdi. Uzakdan dolandyrljak bu enjam başga bir planetanyň atmosferasynda uçjak ilkinji enjam bolar. Ilki bilen alty tigirli marsohod öňe hereket eder. Bellenen ýere barandan soňra bolsa, dikuçary düşürer. Munuň üçin ilki dikuçar salnan gapyrjagyň nurbadyny döwmeli bolar. Soňra bolsa, dikuçara zarýad berler. Degişli amallar bellenen tertipde dowam etse, dikuçar 8-nji aprelde uçurylar.