“Sotheby’s” auksion öýi Marsdan gelen “NWA 16,788” atly uly daş bölegini satuwa çykarar. Agramy 25 kilograma barabar seýrek daş Mars bilen asteroidiň güýçli çaknyşygyndan soň kosmosa zyňlyp gidipdir. Millionlarça ýyl geçenden soň, Ýeriň dartyş güýjüniň täsirine girip, Sahara çölüniň Agadez sebitine gaçdy.
Häzirki wagtda dünýäde 77 müňden gowrak meteorid hasaba alyndy, ýöne olaryň diňe 400 töweregi Marsdan. Auksion 16-njy iýulda, “Geek Week” ylmy hepdeliginiň çäginde geçiriler. Meteoridiň 4 million dollara satylmagyna garaşylýar.