Maş­ga­la jem­gy­ýe­tiň iň ki­çi to­pa­ry bol­mak bi­len, jem­gy­ýe­tiň esa­sy­ny dü­zü­ji­dir. Se­bä­bi maş­ga­la türk­men jem­gy­ýe­ti­niň esa­sy sü­tü­ni we öze­ni bo­lup dur­ýar. Döw­let­de maş­ga­la berk bol­du­gy­ça, jem­gy­ýet gat­na­şyk­la­ry-da hem­me­ta­rap­la­ýyn baý we berk bol­ýar. Di­ýa­ry­myz­da her bir maş­ga­la bag­ty, bag­ty­ýar­ly­gy du­ýup, on­dan lez­zet alyp ýa­şa­ýar. Çün­ki beý­le­ki ze­ru­ry­ýet­ler bi­len bir ha­tar­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ra­ýat­la­ry döw­re­bap ýa­şa­ýyş ja­ýy bi­len üp­jün et­mek me­se­le­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz äh­li­halk ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan döw­rün­den baş­lap, «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry öňe sür­di. Bagt­ly we sag­dyn maş­ga­la­ny gur­mak üçin ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş maş­ga­la­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan mad­dy gol­daw­lar be­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da bu ugur­da ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy ber­ki­dil­ýär. Go­laý­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň se­ki­zin­ji mas­la­ha­tyn­da «Ka­zy­ýet ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tä­ze be­ýa­ny­na «Maş­ga­la iş­le­ri bo­ýun­ça ka­zy­lar» at­ly tä­ze bö­lü­mi goş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi maş­ga­la­nyň, ene­li­giň, ata­ly­gyň we ça­ga­ly­gyň döw­let go­ra­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de adyl ka­zy­ýet­li­li­giň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň­den ýar­dam eder.

Bi­ke SÖH­BE­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.