Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da “Los Anjeles Leýkers” öz meýdançasynda “Golden Steýt Worriorsy” 120:112 haspa bilen ýeňen duşuşygynda super ýyldyz LeBron Jeýms taryhy statiska görkezdi. Ol duşuşykda 42 utuk, 17 ribaund hem-de 8 asist görkezijileri bilen çykyş edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Şunlukda, LeBron Jeýms 40 ýaşdan soň bir duşuşykda 40-dan köp utuk geçiren 2-nji basketbolçy boldy. Ondan öň rowaýaty Maýkl Jordan bu derejä ýeten ilkinji basketbolçy hökmünde taryha giripdi.