2090-njy ýyla çenli Hytaýda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly bolan 137 müň inedördül kilometre golaý täze ýerler peýda bolar. Munuň sebäbi global derejedäki ýylylyk we howanyň üýtgemegidir. Bu barada Günorta-Günbatar uniwersitetiniň alymlary habar berdiler. Barlagyň netijelerini “Plos One” žurnalynda çap edildi. Häzirki wagtda çaý ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertler Hytaýyň günortasynda bolsa-da, geljekde ýagdaý üýtgär.