Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona-da”, “Real Madridem” myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda kynçylyk çekselerem, iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardylar. Sanawyň lideri “Barselona” myhmançylykda “Leganesi” Saensiň 48-nji minutdaky awtogoly bilen ýeňdi. Myhmançylykda “Alawes” bilen duşuşan “Real Madride” bolsa Kamawinganyň 34-nji minutda geçiren owadan goly ýeňiş getirdi. Duşuşygyň 38-nji minutynda Kilian Mbappe gyzyl kart aldy. Oýnuň 70-nji minutynda ýer eýelerinde Manuel Sançes gyzyl kart alyp, meýdançany terk etdi.

3-nji orundaky “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Walýadolidden” 4-2 hasabynda üstün çykdy. 3 penalti urgusynyň ýerine ýetirilen duşuşygyna madridlileriň gollaryny “Alwares (2), Simeone hem-de Sörlot geçirdi.

Myhmançylykda “Walensiýadan” 1-0 asgyn gelen “Sewilýa” toparynda tälimçi Hawier Garsiýa Pimienta wezipesinden boşadyldy. Yzly-yzyna 4 oýunda utulan tälimçiniň ornuna ozalam bu klubda 2-si wagtlaýynça 3 gezek tälimçi bolan Hoakin Kaparros wezipä bellendi.

Walensiýa – Sewilýa: 1-0 (Hawi Herra 45+4),

Real Sosiedad – Malýorka: 0-2 (Larin 20, Darder 47),

Hetafe – Las Palmas: 1-3 (Alderete 19 – Fabio Silwa 53, 74, MakBerni 62),

Selta – Espanýol: 0-2 (Fernandes 28, 63),

Leganes – Barselona: 0-1 (Saens 48 ö.d.),

Osasuna – Žirona: 2-1 (Budimir 38, Ibanýes 79 – Aspirilýa 90+6),

Alawes – Real  Madrid: 0-1 (Kamawinga 34),

Betis – Wilýarreal: 1-2 (Ruibal 3 – Barri 26, Aýose Peres 48),

Atletik – Raýo Wallekano: 3-1 (Sanset 58 p, 90+4, Niko Williams 80 – Siss 37),

Atletiko – Walýadolid: 4-2 (Alwares 25 p, 71 p, Simeone 27, Sörlot 79 – Silla 21 p, Hawi Sançes 56)