“EnglishPalooza” 13-18 ýaş aralygyndaky okuwçylar üçin 5 günlük iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmek maksatnamasydyr. Bu maksatnama iňlis dilini interaktiw usullar, oýunlaryň we amaly ýumuşlaryň üsti bilen öwrenmek sapaklary bolup, ýazky mowzuklarymyz STEM, işewürlik we emeli aň (EA) ugurlaryny öz içine alýar.

1-nji topar: iňlis dilini başlangyç derejede bilýän 13-15 ýaşlylar.
2-nji topar: iňlis dilini aralyk derejede bilýän 16-18 ýaşlylar.

Maksatnamanyň geçiriljek salgysy: Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlary.
Resminamalary tabşyrmagyň soňky güni: 2025-nji ýylyň 20-nji marty.
Resminamany şu salgy arkaly tabşyryp bilersiňiz: https://bit.ly/englishpaloozaspring
Giňişleýin öwrenmek üçin elektron hatymyza berkidilen bildirişi okap bilersiňiz.
Soraglar bilen bize şu salgy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: AmericanCenterAshgabat@state.gov.