Saud Arabystanynyň Maýa bazary edarasy (CMA) daşary ýurtly maýadarlara 27-nji ýanwardan başlap, Mekge we Medine şäherleriniň gozgalmaýan emläge eýeçilik edýän kompaniýalaryna maýa goýmaga rugsat berýändigini yglan etdi.
Şeýle çözgüt daşary ýurtly maýadarlara zyýaratçylary ýerleşdirmekden girdeji alýan kompaniýalarda paý satyn almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, çäklendirmeler girizilýär: maýadarlar diňe paýnamalara we gymmatly kagyzlara maýa goýup bilerler, ýöne şular ýaly kompaniýalaryň paýnamalarynyň 49 göteriminden artygyna eýe bolup bilmezler. Düzgünleriň üýtgemegi bu şäherleriň infrastrukturasyny ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.
Haj zyýaraty Saud Arabystanynyň esasy girdeji çeşmelerinden biridir. 2019-njy ýylda COVID-19 pandemiýasyndan öň 7,5 million zyýaratçy Mekgä we Medinä baryp, ýurduň ykdysadyýetine, takmynan, 12 milliard dollar girdeji getirdi. Häkimiýetler 2030-njy ýyla çenli zyýaratçylaryň sanyny 30 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Saud Arabystany “Vision 2030” maksatnamasynyň çäklerinde ýurduň ykdysadyýetiniň nebit pudagyna garaşlylygyny azaltmagy, syýahatçylygy, tehnologiýany we beýleki pudaklary ösdürmegi maksat edinýärler. Geçen ýyl 1,8 million zyýaratçy mukaddes Mekgä haj zyýaratyny amala aşyrdy.