Gyrgyzystanyň Ysyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherindäki döwlet rezidensiýasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň dördünji maslahaty öz işine başlady. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. Sammitiň açylyşynda Prezident Sadyr Žaparow myhmanlary mübärekläp, doganlyk ýurtlaryň baştutanlaryny Ysyk-Kölüň kenarynda görendigi üçin örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem Gyrgyz Prezidenti bu duşuşyga ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy aýratyn mübärekläp, – Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Siz şu gün Konsultatiw duşuşyga ilkinji gezek gatnaşýarsyňyz. Siz hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň ýoluny dowam etdirip, Merkezi Aziýanyň jebisligi üçin özüňiziň uly goşandyňyzy goşjakdygyňyza pugta ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrundaky ýokary döwlet wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýip belledi. Prezident Žaparow duşuşygy açyk diýip yglan etdi we “Biziň şu günki gepleşiklerimiziň şowly we netijeli bolup, bar bolan ähli wajyp meseleleri, olar boýunça umumy kararlary kabul etmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýaryn – diýdi.