20-21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň meşhur syýahatçylyk merkezi bolan Ysyk-Köl welaýatyndaky adybir kölüň kenaryndaky Çolpon-ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Oňa Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň baştutanlarynyň sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmegi meýilleşdirilýär.

Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niýazliýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy barada beýanat berdi.

Diplomatyň bellemegine görä, sammitiň çäklerinde döwlet Baştutanlary sebitiň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşar. Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşylar. Döwlet Baştutanlarynyň saglygy goraýyş, migrasiýa, bilim we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleler boýunça hem özara maslahatlaşmalary geçirjekdigi bellenildi.

Sammitiň öňüsyrasynda, 20-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewiň baştutanlygynda geçirilen duşuşykda sebit hyzmatdaşlygy, dünýädäki ýagdaýlar, şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalar barada pikir alşyldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy mundan ozal geçen ýylyň awgustynda biziň ýurdumyzda – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi. Şeýle formatdaky duşuşygyň ilkinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Özbegistanda geçirilipdi.