Belli ýazyjy Jeýn Ostiniň “Pähim we duýgurlyk” (Sense and Sensibility) atly meşhur eseri ýene bir gezek ekranlaşdyrylar. Täze filme Jorjia Okli režissýorlyk eder. Ol “Blue Jean” filmi bilen meşhurlyk gazanypdy. Filmiň baş keşbinde Deýzi Edgar-Jons bilen Esem Krid-Maýlz surata düşer. Olaryň hataryna Jorj MakKaý, Fiona Şaw, Frank Dillane, Herbert Nordrum, Bodi Rae Britnak ýaly artistler hem goşular. Filmi ssenarisini Daýan Reid ýazar. Roman mundan öň birnäçe gezek mawy ekranlary bezäpdi. Şolaryň iň meşhur 1995-nji ýylda Eng Li tarapyndan surata düşürilen filmiň ssenarisini şol kinoda çykyş eden aktrisa Emma Tompson ýazypdy. Ol iň gowy adaptirlenen ssenariý ugry boýunça Oskar baýragyny gazanypdy. Şol filmde Keýt Winslet, Hýu Grant, Alan Rikman ýaly meşhur iňlis artistleri hem surata düşüpdi.
PDF








