Geljek ýylyň tomsunda Meksikadyr ABŞ-da we Kanadada geçiriljek FIFA Dünýä Kubogynyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Günorta Amerikada öňümizdäki 1 hepdäniň dowamynda toparlar 2 duşuşyk geçirer. Şol 2 duşuşyk sanawyň lideri, Dünýä Kubogynyň soňky çempiony Argentina üçin has wajyp oýunlar bolup, tangoçylar 2 güýçli garşydaşy bilen duşuşar. Argentinanyň ýygyndysy ilkinji 2-nji ýerdäki Urugwaýyň ýygyndysy bilen duşuşsa, 4 gün soňam Braziliýa bilen güýç synanyşar. Tälimçi Lionel Skaloni şeýle wajyp duşuşyklar üçin 2 ýyldyzyny düzüme çagyryp bilmedi. Super ýyldyz Lionel Messi (“Inter Maýami”) şikesi sebäpli milli ýygyndysynyň bu gezek 2 duşuşygyny goýbermeli bolar. Şol bir wagtyň özünde başga ýyldyz oýunçy, Pablo Dibalanyň hem milli toparyna kömegi degmez. “Romanyň” ýyldyzynyň hem şikesi bar.
Argentinanyň ýygyndysy 22-nji martda Urugwaý bilen, 26-njy martda-da Braziliýa bilen duşuşar. Urugwaý duşuşygy Aşgabat wagty bilen 04:30-da, Braziliýa duşuşygy bolsa 05:00-da başlanar.
DERWEZEÇILER: Emiliano Martines (Aston Willa), Žeronimo Rulli (Marsel), Walter Benites (PSW)
GORAGÇYLAR: Nahuel Molina (Atletiko Madrid), Leonardo Balerdi (Marsel), Kristian Romero (Tottenham), Nikolas Otamendi (Benfika), Nikolas Taliafiko (Lion), Fakundo Medina (Lans), Huan Foýt (Wilýarreal), German Pezzella (Riwer Pleýt)
ÝARYMGORAGÇYLAR: Leandro Paredes (Roma), Aleksis Mak Allister (Liwerpul), Rodrigo De Paul, Juliano Simeone (Atletiko Madrid), Ezekiel Palasios (Baýer), Maksimo Perrone (Komo), Enzo Fernandes (Çelsi), Benžamin Dominges (Bolonýa), Tiago Almada (Lion)
HÜJÜMÇILER: Lautaro Martines (Inter), Hulian Alwares, Anhel Korrea (Atletiko Madrid), Nikolas Pas (Komo), Santiago Kastro (Bolonýa), Nikolas Gonzales (Ýuwentus)