ABŞ-nyň çempionaty MLS-de argentinaly super ýyldyz Lionel Messiniň şemaly belentden öwüsýär. 39 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy toparynyň iýul aýynda geçiren 5 duşuşygynyň 4-sinde tapawutlanyp, şolarda 8 goly derwezä girizdi. Diňe “Sinsinnati” topary bilen bolan oýunda 3-0 utulan “Inter Maýami” galan 4 duşuşykda argentinaly ýyldyzynyň gollary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Messi şol 4 duşuşykda-da dubl etmegiň hötdesinden geldi. Umumylykda Messi “Inter Maýaminiň” soňky 7 duşuşygynyň 6-synda 2 goldan, jemi 12 gol geçirdi.
Şeýlelikde, karýerasy boýunça 874 gola ýeten Messi şolaryň 764-si penaltiden geçirilmedik gollar bolup, ol bu ugurda Ronaldodan öňe saýlandy. Ronaldonyň 938 golunyň 763-si penaltiden geçirilmedik gollardyr.
Messi karýerasy boýunça 1114 duşuşykda, Ronaldo bolsa 1281 gezek meýdança çykdy.
Ýokary depginde dowam edýän ABŞ-nyň çempionaty MLS-de Gündogar Konferensiýada 41 utuk bilen 5-nji ýerde barýar. Iň netijeli futbolçylaryň sanawynda Lionel Messi “Neşwill” toparynyň iňlis hüjümçisi Säm Surrij bilen öňdeligi paýlaşýar. Iki futbolçynyň hem 18 goly bar.