Italiýanyň çempionatynda 7-nji tapgyryň geçirilen 9 duşuşygynyň 4-sinde hasap açylmady. Gol geçirilen beýleki oýunlarda-da o diýen köp pökgi derwezä girizilmedi.
Çempion “Napoli” myhmançylykda “Torinodan” 1-0 hasabynda utuldy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 32-nji minutda tomusda “Napoliden” kärendesine geçen Jowanni Simeone öz adyna ýazdyrdy.
Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Inter” Rimde “Romany” Bonniniň 6-njy minutda geçiren goly bilen 1-0 hasabynda utdy.
“Ýuwentus” myhmançylykda “Komo” bilen duşuşyp, 2-0 hasabynda asgyn geldi hem-de ýeňlişsiz ýörişini tamamlady. “Komonyň” gollaryny Kempf bilen 1-nji goluň asistini eden Niko Paz derwezä girizdi.
“Milan” bolsa öz meýdançasynda “Fiorentina” bilen duşuşyp, myhmanlaryň Gosensiň goly esasynda öňe geçendigine garamazdan, 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. “Milany” 1-nji orna çykaran gollaryň 2-sini hem 63-nji we 68-nji minutlarda (p) Rafael Leao öz adyna ýazdyrdy.
Çempionatda öz meýdançasynda “Lasio” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Atalanta” 7-nji tapgyrda-da ýeňilmedi. Bu olaryň 5-nji deňme-deňligidir.
7-nji tapgyryň netijeleri:
Leççe – Sassuolo: 0-0,
Pisa – Werona: 0-0,
Torino – Napoli: 1-0 (Simeone 32),
Roma – Inter: 0-1 (Bonni 6),
Komo – Ýuwentus: 2-0 (Kempf 4, Paz 79),
Jenoa – Parma: 0-0,
Kaliari – Bolonýa: 0-2 (Holm 31, Orsolini 80),
Atalanta – Lasio: 0-0,
Milan – Fiorentina: 2-1 (Leao 63, 86 p – Gosens 55),
Kremoneze – Udineze (şu gije)