Italiýanyň belli klublaryndan “Milan topary “Real Madrid” bilen şertnamasy tamamlanan horwatiýaly ýyldyz oýunçy Luka Modriçi düzümine goşdy. Italýan kluby 39 ýaşyndaky ýarymgoragçy bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Milanda” 14-nji belgili köýnekçede oýnar. Öz futbol ýoluna 2003-nji ýylda “Dinamo Zagreb” toparynda başlan Modriç “Zrýinski Mostar”, “Inter Zapreşiç” toparlarynda kärendesine oýnady. 2008-nji ýylda “Tottenhama” transfer bolup, londonlylaryň düzüminde 4 möwsüm çykyş etdi. 2012-nji ýylda “Realyň” oýunçysy bolan Modriç 13 ýyllap madridlileriň köýnekçesini geýdi. Ol “Realda” 597 duşuşykda 43 gol geçirdi. “Realda” 28 kubok gazanan Modriç Horwatiýanyň milli ýygyndysynda 188 duşuşykda 28 pökgini derwezä girizdi. Ol Dünýä Kubogynda milli topary bilen kümüş hem-de bürünç medallary hem gazandy.