Mongoliýanyň Premýer-ministri Luwsannamsreýn Oýun-Erdene, özüniň başlyklyk edýän Mongol halk partiýasynyň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny habar berdi. Oýun-Erdene ýerli metbugata beren beýanatynda partiýasynyň parlamentdäki 126 ornuň 70-sini gazanyp, öňdeligi eýeländigini belledi.
-Şu günki gün Mongoliýanyň taryhynda täze döwrüň başlangyjy bolar – diýip, Oýun-Erdene ses berişlikden soň ýurduň ilatynyň arasynda “demokratiýa we parlamente bolan ynamyň” gowşandygyny aýtdy.
Mongoliýada geçirilen saýlawlarda 21 partiýadan we koalisiýadan 1336 dalaşgär mejlisdäki 126 orun üçin bäsleşdi.
Geçen ýyl, konstitusiýa girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ýurduň syýasy dürlüligini artdyrmak maksady bilen orunlaryň sany 126-a ýetirildi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan mongollar hem saýlawlara gatnaşdylar. Şu ýyl 13 müň 95 mongol ses bermek üçin hasaba alyndy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada ýerleşýän bu ýurduň 3 million 400 müň töweregi ilaty bar.