Mongoliýanyň ähli raýatlary kömür eksport edýän esasy kärhananyň göni paýdarlary we paýnama eýeleri hökmünde, onuň 2025-nji ýyldaky satuwyndan paý alarlar. Tölegiň möçberi adam başyna, takmynan, 18 dollar bolar. Bu barada TASS agentligi «Erdenes Tawan-tolgoý» (ETT) kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Döwlet paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşi degişli karary kabul etdi. Paýlar kömrüň daşary ýurtlara satylmagyndan alnan sap peýdanyň paýy hökmünde hasaplandy. Ähli puly 30-njy aprele çenli tölemek meýilleşdirilýär.
Bu kompaniýa Umnugow aýmagynda ýerleşýän Tawan-tolgoý raýonyndaky kömür ýataklaryny dolandyrýar. Bu ýataklar 1950-nji ýyllarda sowet geologlary tarapyndan açylypdy. Olaryň gorunyň, takmynan, ýedi milliard tonna barabardygy çaklanylýar. 2008-nji ýylda ýataklar döwlet gözegçiligine gaýtaryldy, olary dolandyrmak üçin bolsa «Erdenes Tawan-tolgoý» kompaniýasy döredildi.
2012-nji ýylda döwlet kärhananyň paýnamalarynyň bir bölegini ýurduň, takmynan, 2,5 million ýaşaýjysyna mugt berip, olary milli baýlygyň paý eýelerine öwürdi. Soňra häkimiýetler paýdarlaryň arasyny giňeltmek kararyna geldiler – 2024-nji ýyldan başlap, 2012-nji ýylyň aprelinden soň dünýä inen bir milliondan gowrak raýat hem kompaniýanyň 1072 sany paýnamasyna we paý almak hukugyna eýe boldy.