Ulan-Bator şäheriniň golaýyndaky «Hüý doloon hudag» meýdançasynda, ýekşenbe güni, Mongoliýanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä at gününiň ilkinji halkara dabaraly açylyşy boldy. Dabarada çykyş eden Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh atyň adamzat siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň we döwletliliginiň ösmegindäki taryhy ornuny hem-de mongol bedewiniň Beýik sähranyň taryhynda, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň we parahatçylygyň berkemeginde bitiren aýratyn hyzmatyny aýratyn belledi.
Häzirki wagtda dünýäde 60 milliondan gowrak at bolup, olaryň 5 milliondan gowragy Mongoliýada idedilýär. Ýurt atlaryň sany boýunça dünýäde dördünji, her adama düşýän atlaryň sany boýunça bolsa birinji orny eýeleýär. Prezident Hurelsuh atçylyk mirasyny hem-de däp-dessurlaryny gorap saklamak we wagyz etmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Bütindünýä at gününi döretmek baradaky başlangyjy bilen çykyş edipdi. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylyp, şondan soň bu senäni her ýyl milli Naadam baýramynyň çäginde bellemek barada karar kabul edildi. Ýurt Baştutany bu başlangyjy goldan döwletlere minnetdarlyk bildirip, täze halkara senasynyň ylmy barlaglary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini aýtdy.
Ilkinji Bütindünýä at gününiň çäginde Mongoliýanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda iň ýyndam bedewleriň gatnaşmagynda ilkinji gezek halkara at çapyşyklary hem-de ýurduň dürli sebitlerinden gelen çapyksuwarlaryň uly dabaraly ýörişi geçirildi. Döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda aty öz medeni mirasynyň simwoly we adamyň wepaly hemrasy hasaplaýan dünýä halklaryny Bütindünýä at güni bilen gutlady.