22-nji ýanwarda Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew mejlise gatnaşyjylary Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy. Resminamada häzirki zamanyň ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine, şeýle-de özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek baradaky ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy GDA-da netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.