Naço täze topary bilen şertnama baglaşdy

81

“Real Madriddäki” 23 ýyllyk başdangeçirmesini tamamlap, klubdan gaýdan Naço Fernandesiň täze kluby belli boldy. Ozaldanam garaşylyşy ýaly, 34 ýaşyndaky futbolçy Saud Arabystanynyň klublaryndan “Al-Kadsia” toparynyň düzümine goşuldy. Ol 2-nji ligadan Saudi Pro Liga dolanan “Al-Kadsia” topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Naço özüniň transferi bilen baglanyşykly: Şeýle netijä gelmek maňa ýeňil düşmedi. Durmuşymdaky iň kyn pursatlaryň biridi. Ýene bir möwsüm oýnap-oýnamazlyk barada kän pikir etdim. Realdan nägile bolup gaýdasym gelenok. Ol meň durmuşymyň topary, ýöne kynam bolsa täze başdangeçirmeler gerekli. Özümi Reala garşy oýunda görmek islämok – diýip, gürrüň berdi.

Naço “Realda” 6-sy Çempionlar Ligasynyň, 4-si “La Liganyň” jemi 26 kubok gazandy. Naço çempionatdan soň “Al-Kadsia” toparynyň düzümine goşular.