Adamlaryň köpüsi näme üçin ýalňyz? Täze geçirilen barlaglarda, adamyň ýalňyz galmagyna sebäp bolýan esasy faktorlar ýüze çykaryldy. Bu habar, esasan, ýokary okuw mekdebini gutaranlar üçin onçakly begendiriji däl. Şweýsariýanyň Sýurih uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna Beýik Britaniýadan we Germaniýadan 17 müňden gowrak adam gatnaşypdyr.
Barlag başlanan döwründe gatnaşyjylaryň ýaşy 16-dy we olaryň durmuşynda heniz hiç hili söýgi tejribesi bolmandy. Alymlar gatnaşyjylar 29 ýaşyna ýetýänçä, olaryň häsiýetlerini, şahsy aýratynlyklaryny we durmuş-demografik faktorlaryny anyklamak üçin her ýyl pikir soralyşyk geçirdiler.
Geçirilen derňewler aşakdakylary görkezdi:
Bilim derejesi: Adamyň bilimi näçe ýokary bolsa, onuň ýalňyz galmak ähtimallygy hem şonça ýokary bolup çykdy. Ýalňyzlyk bilen bilimiň arasyndaky esasy baglanyşyk — ýokary okuw mekdebinde okamakdyr.
Ene-ata bilen ýaşamak: ene-atasy bilen bile ýaşaýanlaryň hem ýalňyz galmak ähtimallygy has ýokary, bagtlylyk derejesi bolsa has pes bolupdyr. Geçirilen barlaglarda ýaş oglanlaryň gyzlara garanyňda, has uzak wagtlap ýalňyz galýandyklary hem subut edilipdir.