22-nji maýda Fransiýanyň imperatory Napoleon Bonapartyň (1769-1821) gylyjy auksiona çykarylar. Bu barada Parižiň «Drouot» auksion öýi mälim etdi. 1802-nji ýylda Napoleon Fransiýanyň birinji konsuly bolanda, özi üçin gylyç sargyt edipdir. Ol gylyjyny ýurdy dolandyran döwrüniň ahyryna çenli ýanynda göteripdir. Napoleon tagtdan çekilenden soňra gylyjyny marşal Emmanuel de Gruşäniň ygtyýaryna beripdir. Soňra gylyç marşalyň ýakynlary tarapyndan goralyp saklanýar. Bilermenler gylyja 700 müňden 1 million ýewro çenli baha kesýärler. Söwdalaşyk Pariždäki «Hôtel Drouot» meýdançasynda guralar.