Robotlar ýene-de 5 ýyldan operasiýalary geçirmekde hirurg lukmanlardan ozdurar. Bu barada ABŞ-nyň Hökümetiniň işiniň täsirliligini ýokarlandyrmak boýunça edaranyň (DOGE) başlygy Ilon Mask habar berdi. Işewür özüniň «Neuralink» kompaniýasynyň adam beýnisine elektrodlary seplemekde robotlary ulanandygyny, sebäbi adamyň şeýle operasiýalary çalt we takyk ýerine ýetirmäge ukyply däldigini belledi. Ilon Mask tarapyndan esaslandyrlan «Neuralink» kompaniýasy adam beýnisine çip goýmak maksady bilen dürli synaglary geçirýär. Işewür şeýle neýrointerfeýsleriň pikiriň güýji bilen kompýuterleri dolandyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdýar.