NBA-da taryhy wakalar bolup geçýär. Toparlaryň arasyndaky oýunçy alyş-çalşygy bu gezek hemmäni geň galdyrdy. “Los Anjeles Leýkers” bilen Dallas Maweriks” toparlarynyň arasyndaky oýunçy alyş-çalşygynda super ýyldyzlaryň klublary üýtgedi. “LA Leýkersiň” super ýyldyzy Antoni Dewis “Dallas Mawerikse”, “Dallas Maweriksiň” super ýyldyzy Luka Donçiç “LA Leýkerse” geçdi. Iki toparyň arasyndaky jemi 5 oýunçy alyş-çalşygy bolup geçdi. Netijede, “Leýkers” Luka Donçiç bilen bir hatarda, Maksi Kleberi, Markieff Morrisi düzümine goşdy. “Maweriks” bolsa Antoni Dewis bilen Maks Kristini hem-de 2029-njy ýyldaky 1-nji tapgyryň draft etmek hukugyny aldy.

Bu alyş-çalşykdan soň ýene bir oýunçy alyş-çalşygy bolup geçdi. Bu gezek 3 toparyň arasynda – “San Antonio Spars”, “Sakramento Kings” hem-de “Çikago Bulls” toparlarynyň arasynda oýunçylar alyş-çalyş edildi. “San Antonio Spars” topary “Sakramento Kingsden” De’Aron Foksy we Jordan MakLaflini düzümine goşdy. “Sakramento Kings” bolsa “Çikago Bullsdan” Zäk LaWini, “San Antonio Sparsdan” Sidi Sissokony hem-de 3 sany 1-nji tapgyryň, şonça-da 2-nji tapgyryň draft etmek hukuklaryny aldy. “Çikago Bulls” bolsa “Sakramento Kingsden” Kewin Herteri, “San Antonio Sparsdan” Zäk Kollinsi bilen Tre Jonsy hem-de şu ýylky 1-nji tapgyryň draft etmek hukugynyň eýesi boldy.