Niderlandlaryň “Shell Plc” nebit kompaniýasy geçen ýylyň 4-nji çärýeginde 9,81 milliard dollar peýda gazandy. Ýylyň tutuş dowamynda bolsa bu görkeziji 39,87 milliard dollara ýetdi. Şeýlelikde kompaniýanyň girdejisi taryhyndaky rekord bolupdyr. Bu görkeziji mundan ozalky rekord bolan 2008-nji ýyldakydan (28,4 milliard) has ýokary bolupdyr.
Golaýda “Exxon Mobile” kompaniýasy hem rekord girdeji gazanandygyny mälim edipdi.