Nebit Eksport Edýän Ýurtlar Guramasy (OPEC) şu ýyl nebite bolan islegiň dünýäde 9,8 göterim azalyp, gündelik 89 million 990 müň barrel boljakdygyny mälim etdi. Halkara guramanyň bilermenleri bu görkezijiniň geljek ýyl 6,6 göterim artyp, global derejede 95 million 890 müň barrele ýetjekdigini çaklaýarlar. Guramanyň ýaýradan täze maglumatnamasynda şu ýylyň üçünji çärýegindäki ykdysady görkezijileriň garaşylyşy ýaly bolmazlygynyň, ABŞ-da hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna (YHÖG) agza ýurtlarda gatnaw pudagynda ýangyja bolan islegiň azalmagynyň global bazara täsirini ýetirendigi bellenilýär.

OPEC ýurtlarynyň gündelik çig nebit önümçiligi bolsa, geçen aý ozalky aýdakydan 710 müň barrel artyp, 25 million 110 müň barrele ýetipdir. Şeýlelikde, bu ýurtlaryň global nebit önümçiligindäki paýy 27,1 göterim bolupdyr. Degişli döwürde OPEC ýurtlarynyň arasynda Liwiýada we Birleşen Arap Emirlikleri has köp artyş hasaba alnypdyr.