Halkara Energiýa Agentligi (UEA) 2030-njy ýyla çenli Hindistanyň nebit önümçiliginde dünýäde öňdeligi eýelejekdigini belledi. Hindistanyň Goa şäherinde geçirilen Energiýa hepdeliginde ýaýradylan maglumatda onýyllygyň ahyryna çenli bu ýurduň nebite bolan zerurlygy her gün 1,2 million barrel artyp, 6,6 million barrele ýeter. Häzirki wagtda Hindistan dünýäniň iň uly üçünji nebit importçysy bolup durýar. Maglumatda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine gyzyklanmanyň ösýändigine garamazdan, bu ýurduň nebiti sarp edişiniň artjakdygy bellenilýär. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunyň ykdysadyýetiniň ýokary tizlik bilen ösmegi nebit we demir magdany ýaly çig malyň sarp edilişini görnetin artdyrýar. Ýurtda energiýa infrastrukturasyna has köp maýa goýumyň goýberilip başlanmagy bolsa nebit pudagynyň ösmegine getirdi. Ýurduň Premýer-ministri hökümetiň geljek ýylky býujetiniň has köp bölegini energiýa pudagyna gönükdirjekdigini mälim etdi. Ýakyn geljekde Hindistanda, esasan, senagatda we oba hojalygynda ulanylýan dizel ýangyjyna we awiabenzine bolan isleg ýokarlanar. Elektroulaglaryň sanynyň artmagy netijesinde benzine isleg çäkli bolar. Häzirki wagtda ýurt OPEC+ ýurtlaryndan has köp nebit satyn alýar.
Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF









