Şu ýylyň üçünji çärýeginde Germaniýanyň awtoulag kompaniýalarynyň satuwynyň pese gaçandygy, elektroulagyň paýynyň artýandygy mälim edildi. Agzalan döwürde BMW toparynyň dünýädäki awtoulag satuwy 6,3% azalyp, 551 müň 72 bolupdyr. Kompaniýanyň Germaniýadaky satuwy 24,8% azalyp, 114 müň 355-e düşüpdir. Kompaniýanyň amerikan bazaryndaky satuwy bolsa 2,5% artyp, 106 müň 741-e ýetipdir. Ýewropadaky satuw 2,7% artyp, 235 müň 628 bolupdyr. Sebitde satylan üç BMW-den biriniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýändigi mälim edildi. Topara degişli bolan «Mini» brendiniň satuwy 2,4% azalyp, 70 müň 712 bolupdyr. Lýuks klasa degişli bolan «Rolls-Royce»-lardan 1069-sy satylypdyr. Kompaniýa ýylyň başyndan bäri 1 million 707 müň 799 ulag satypdyr.
«Volkswagen» toparynyň «Audi» modeliniň satuwy degişli döwürde 19,7% azalyp, 314 müň 900-e ýetipdir. Kompaniýa bu döwürde 48 müň 700 elektroulag satypdyr. «Volkswagen» toparyna «Audi»-den başga-da «Skoda», «SEAT» we «Porsche» brendleri degişli.
Ýewropa ýurtlarynda elektroulag satuwy ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Üçünji çärýekde dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy 19,6% artypdyr. «Volkswagen» toparyna degişli brendleriň elektroulaglaryna bolan isleg geçen ýylyň ahyryndakydan iki essä barabar köp bolupdyr. Täze satuwa çykarylan amatly bahasy bilen tapawutlanýan «ID. Polo», «ID. Cross», «Skoda Epiq» we «CUPRA Raval» modellerinden gysga wagtyň içinde 150 müňe golaý sargyt edilipdir.
Annaoraz Orazow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
PDF








