Senagat taýdan ösen ýurtlaryň tas ählisinde bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynda hem nikalaşýanlaryň sany barha azalýar. “Newsweek” neşiriniň maglumatlaryna görä, soňky 30 ýylda goş birikdirenleriň sany iki esse töweregi azalypdyr. Ýylyň dowamynda dünýä inýän bäbekleriň sany bolsa, 1995-nji ýyldakynyň üçden birine çenli peselipdir. Geçen ýyl ýurtda her zenanyň ortaça dünýä inderen çagasynyň sany 0,75-e deň bolupdyr. Ilatyň şol durkuny saklamagy üçin bu görkeziji 2,1 bolmalydygy tassyklanýar. Ýurtda garrylaryň sany hem görnetin artýar. 2024-nji ýylda 65 ýaşdan ulularyň sany ýurduň ilatynyň 20 göteriminden ýokary geçipdir. Bu bolsa, her bäş adamdan biriniň ýaşuly nesle degişlidigini aňladýar. Geçen ýyl ýurtda nikalaşanlaryň 222 müň 400-si hasaba alnypdyr. Bu görkeziji 1995-nji ýylda 398 müň 500-e deň bolan eken.
2024-nji ýylda zenanlar, ortaça, 31,6 ýaşynda durmuşa çykan bolsa, 1995-nji ýylda 25,3 ýaşynda durmuş guran ekenler. Bu görkeziji erkek kişilerde 28,4 ýaşdan 33,9 ýaşa ýetipdir. 1995-nji ýylda 715 müň bäbek dünýä inen bolsa, bu san 2024-nji ýylda 238 müňe deň bolupdyr.
Koreýa Respublikasy köp ýyldan bäri ilat sanyna görä, iň az çaga dogrulýan ýurt bolmagynda galýar. Häzirki wagtda ýurduň 50 million töweregi ilaty bar.
PDF









