Nissada fransuz-hindi duşuşygy boldy

2

14-nji iýunda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we G7 sammitine gatnaşmak üçin bu ýurda gelen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Nissa şäherindäki Sergiler köşgünde açylan «Bharat Innovates» atly hindi innowasiýalarynyň we tehnologiýalarynyň sergisine gatnaşdylar. Hindistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ilkinji gezek daşary ýurtda guralýan bu üç günlük çärä energetika, kosmos, saglygy goraýyş we smart-siti ulgamlarynda işleýän 120-ä golaý hindi startap kompaniýalary gatnaşýar. Bu duşuşyk şu ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň Baştutanynyň Mumbaý şäherine amala aşyran resmi saparynyň dowamy bolup, ol iki ýurduň arasyndaky innowasiýalar ýylynyň çäklerinde guraldy.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Emmanuel Makron Hindistanyň diňe bir tehnologik autsorsing merkezi däl, eýsem dünýäde düýpli innowasion modelleri döredýän we möhüm orna eýe bolan döwlet hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem ol fransuz tarapynyň emeli aň pudagynda Ýewropa Bileleşiginde öňdebaryjy orny eýeleýändigini we 2023-nji ýyldan bäri Parižde bu ugurda 20 müňe golaý täze iş ornunyň döredilendigini belläp, hindi maýadarlaryny Fransiýa bilen hyzmatdaşlygy bähbitli ösdürmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Nissanyň şäher häkimi Erik Siotti hem bu çäräniň sebitiň halkara hyzmatdaşlygyndaky we dünýä telekeçileriniň dialogyndaky ornuny has-da berkidýändigini nygtady.
Sergiden soňra iki ýurduň liderleri Bolýo-sýur-Mer şäherindäki Kerilos willasynda ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Dünýäniň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşan fransuz we hindi wekiliýetleri bu duşuşyklardan soňra, 15-17-nji iýun aralygynda Ýokary Sawoýa departamentiniň Ewian-le-Ban şäherçesinde geçiriljek G7 sammitine gatnaşmak üçin ugradylar. Mälim bolşy ýaly, bu ýylky G7 sammitine BRIKS-iň agzasy bolan Hindistan hem resmi taýdan çagyryldy.