Indoneziýanyň hökümeti milli ekerançylyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, ýurduň oba etraplarynda ýaşaýan daýhanlara 280 müň düýp ýokary hasyl getirýän kakao we kokos nahallaryny bermekçi. Bu barada “Antara News” gullugyna salgylanýan “tvbrics.com” habar berdi.
Oba hojalyk ministri Andi Amran Suleýmanyň sözlerine görä, bu çäräniň dowamynda ýokary hilli nahallaryň gowşurylmagyndan başlap, topragy ekişe taýýarlamaga çenli daýhanlara muzdsuz kömek berler.
Daýhanlar üçin nahal üpjünçiligi ýurtda 2025–2027-nji ýyllaryň aralygyna niýetlenen orta möhletli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şeýle hem Indoneziýadaky ähli 870 müň gektar plantasiýa meýdanlaryny işlemek üçin 9,5 trillion rupiýa bölnüp berler.
Esasy Dünýä täzelikleri Indoneziýada daýhanlara ýokary hasylly kakao we kokos nahallary muzdsuz berler
PDF









