Ýakynda çykjak “Nokia G10” markanyň ilkinji oýun smartfonynda “MediaTek Helio P22” mikroprosessor bilen enjamlaşdyryldy. “G10”-yň RAM-y 3 GB hem-de 4 GB bolan esasy iki görnüşi bar. Mundan başga-da, “Nokia G10-yň 720 x 1560 piksel durulygynda, 6,32 dýuým ululygynda ekrany, 4000 mA/sagat batareýasy we dört kamerasy bolar. Kameranyň esasy sensory 48 megapiksel, goşmaçalary 5 megapiksel we 2 megapiksele deňdir. Smartfonyň 8-nji aprelde satuwa çykarylmagyna garaşylýar.