15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde adaty däl lukmançylyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Hytaýyň müňýyllyklardan gözbaş alýan lukmançylyk tejribesi bilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklere baý tebigy şertleriniň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigine üns berildi. Munuň özi häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we köpasyrlyk tejribeleriň işjeň özleşdirilmegine giň ýol açýar.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, häzirki zaman ylmynyň, bilimiň täzeçil gazananlary ynsan saglygynyň goragyna gönükdirilip, munuň özi oňyn netijesini hem berýär. Şol bir wagtyň özünde degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.
Tan Çžişu türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergini synladylar. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň görnüşleri görkezilýär.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunda saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan asylly işleri amala aşyrýar. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna-da ynsanperwerlik ýükleri ugradylýar.
Soňra dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.
Çykyş edenler hormatly myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň täze belentliklere göterilendigini nygtadylar. Şunda bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen tebigy serişdeleriň ähmiýeti tutuş dünýäde lukmançylyk ylmy bilen meşgullanýanlaryň ünsüni özüne çekýär. Täze açylan Adaty däl lukmançylyk otagynyň hem Gahryman Arkadagymyzyň ylmy kitaplarynda kesgitlän wezipelerinden ugur aljakdygy barada aýdyldy.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini we bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin lukman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.
PDF









