28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stol” söhbetdeşliklerini, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary, spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Noýabr aýynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2022” atly halkara sergi we ylmy maslahat, “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler.
Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabr aýynda geçiriljek beýleki halkara çäreleriň hatarynda bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow noýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni çäreleriň türkmen jemgyýetiniň depginli ösüşindäki ähmiýetini belläp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň her biriniň özünde watançylyk duýgularyny, ahlak gymmatlyklaryny jemlemelidigini, milli medeni däpleriň bu ugurdaky innowasiýalar bilen sazlaşmagy arkaly ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanmalydygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.