Italiýada we käbir Ýewropa ýurtlarynda oba ýerdäki we kiçi şäherlerdäki ilat sanyny artdyrmak maksady bilen dürli höweslendiriji çäreler geçirilýär. Ýurduň Toskana sebitindäki Sýena depelerindäki Radikondoli obasyna göçüp baranlara geljek ýylyň ilkinji alty aýyna çenli ýaşaýyş jaýynyň töleginiň ýarysy ýerli häkimiýet tarapyndan tölener. Bu maksatnama ilki 2023-nji ýylda ýola goýlupdy. Bu ýere göçüp barjaklara boş duran jaýlary abatlap, ýaşap başlamak teklip edildi. Indi bolsa ýerli häkimiýet bu maksatnamany goldamak üçin ýene-de 400 müň ýewro bölüp berdi. Şeýle hem talyplara, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýanlara, “ýaşyl” energiýadan peýdalanýanlara maliýe goldawy berler.
Ýewropanyň beýleki ýerlerinde hem şeýle maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň çäklerinde hatda 1 ýewrodan hem jaýlar satylypdy. Emma ol jaýlarda ýaşap başlamazdan ozal abatlamak şerti bardy.
XIV asyrda esaslandyrylan Radikondoli obasynda öňki ýyllarda üç müň adam ýaşaýardy. Häzirki wagtda ilaty müňden hem az bolan obanyň golaýynda zeýtun baglary bar.
Meňli Orazgulyýewa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.