Şu ýyl ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­na 30 ýyl dol­ýar. Ta­ryh üçin uly bol­ma­dyk ge­çen gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz äh­li ba­bat­da ösüş­le­re bes­le­nip, ýur­du­myz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek, döw­re­bap­laş­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na ser sa­la­ny­myz­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de uly orun tut­ýan oba­se­na­gat top­lu­myn­da hem al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­ry aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek, ýer eýe­le­ri­niň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe ka­rar­lar ka­bul edil­di. Daý­han­la­ra uzak­möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi, ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün, suw bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ryjy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry­nyň, tir­keg gu­ral­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn al­nyp be­ril­me­gi, 2019-njy ýyl­dan baş­lap pag­ta­nyň, bug­da­ýyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy her bir daý­ha­nyň, mülk­da­ryň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, öň­kü­den-de gaý­rat­ly zäh­met çek­mä­ge, bol ha­syl ön­dür­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den gö­wün­le­ri gal­ky­nan ýer eýe­le­ri oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­rin­den bol ha­syl alyp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bar­ha kuw­wat­lan­ma­gy­na, azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni dok­ma se­na­ga­ty­my­zyň ýe­ter­lik muk­dar­da çig mal bi­len üp­jün edil­ýän­di­gi­niň, sa­çak­la­ry­my­zyň me­le-mys­syk nan­dan, ak ba­zar­la­ry­my­zyň dür­li gör­nüş­li gök-bak­ja, mi­we önüm­le­rin­den do­ly bo­lup, ba­zar bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň my­sa­lyn­da hem aý­dyň gör­mek bol­ýar.
We­la­ýa­ty­my­zyň kä­ren­de­çi-mülk­dar­la­ry­ şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­ly­ny zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Ýer bi­len bag­ry ba­da­şan, be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­dan rys­gal-be­re­ket, at-ab­raý tap­ýan, ene ýe­re gö­rel­de­li ideg edip, bol ha­syl al­ýan kä­ren­de­çi­ler be­lent mak­sat­la­ry na­zar­lap, her bir möw­süm­le­ýin meý­dan iş­le­ri­ni öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ber­jaý ed­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar, dok­ma top­lum­la­ry gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän de­re­je­de gur­lup, iň kä­mil teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan bu kär­ha­na­lar yk­dy­sa­dy ösü­şi­mi­ze uly go­şant goş­ýar. Bu döw­re­bap kär­ha­na­lar­da daý­han­la­ry­my­zyň yh­las­ly zäh­met­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ke­ma­la ge­len pag­ta ha­sy­ly se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­nip, dok­ma top­lum­la­ryn­da dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri taý­ýar­lan­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len dok­ma önüm­le­ri özü­niň hi­li­niň ýo­ka­ry­ly­gy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa­ly­gy bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nyp, di­ňe içer­ki ba­zar­la­ry­myz­da däl, eý­sem, da­şar­ky ba­zar­lar­da hem özü­niň my­na­syp or­nu­ny eýe­le­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­za da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek, eks­por­ta ug­ra­dyl­ýan önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ber­ýän tab­şy­ryk­la­ry­nyň iş ýü­zün­de do­ly ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Be­dew ba­dy bi­len ösüş­le­riň be­lent sep­git­le­ri­ne bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan tu­tum­ly iş­ler her bir türk­me­nis­tan­ly­ny be­gen­dir­ýär, buý­san­dyr­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­rmak, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek, ha­lal zäh­me­tiň hö­zi­ri­ni gö­rüp, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny na­zar­la­ýan her bir döw­let­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç al­syn!

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.