Dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini bahalandyrýan THE Times Higher Education guramasynyň resmi saýtynyň (theawardsasia.com) habar bermegine görä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň iň abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan “THE Awards Asia 2026” bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň 8-ligine “Ýylyň STEM ylmy-taslamasy” (STEM Research Project of the Year) ugry boýunça saýlandy. Aziýa sebitiniň uniwersitetleri tarapyndan 500-den gowrak işiň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde, 10 sany ugur boýunça iş alyp baran diňe iň gowy 8 sany uniwersitetiň “gysga sanawy” (shortlist) yglan edildi.
Bu sanawda ýurdumyz bilen bir hatarda Ýaponiýa, Singapur, Koreýa Respublikasy, Tailand, Malaýziýa, Türkiýe, Hindistan we Gonkong ýaly ylmy-tehnologik taýdan ösen döwletleriň iň gowy ýokary okuw mekdepleri bar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu uly sepgide eýýäm ikinji gezek ýetmegi başardy. Uniwersitet 2024-nji ýylda hem Merkezi Aziýada ilkinji bolup bu sanawa girdi. 2026-njy ýyldaky bu täze üstünlik bolsa, Türkmenistanda ylmyň durnukly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Uniwersitetiň ýaş alymlary tarapyndan taýýarlanan “Howply galyndylary ýokary arassalykdaky gipse öwürmek: durnukly materiallary öwrenmek ylmynda täze öwrülişik” atly ylmy işi dünýäniň bilermenleriniň ünsüni çekdi.
UniRank-2026-nyň maglumatlaryna görä, Aziýada 6300-den gowrak ýokary okuw mekdebi bar. “THE Awards Asia” baýragynyň gysga sanawyna ikinji gezek girmegi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň çalt depginler bilen ösýändigini we dünýä derejesinde bäsleşige ukyplydygyny görkezýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gonkongda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň dowamynda yglan ediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti.