Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan eziz Di­ýa­ry­my­zyň ady, şöh­ra­ty, mer­te­be­si bu gün dün­ýä dol­ýar. Hal­ky­my­zyň we tu­tuş adam­za­dyň aba­dan­çy­lyk­ly ösü­şi­niň we bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­di­ri­len tä­ze­çil içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty, tu­tum­ly iş­le­ri, be­ýik baş­lan­gyç­la­ry Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy hem-de ru­hy-me­de­ni taý­dan saz­la­şyk­ly we gül­läp ös­ýän kuw­wat­ly döw­let­le­riň bi­ri­ne öwür­di. Bi­ziň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ry­lan bu ta­ry­hy se­çip al­mak köp ba­bat­da döw­let ösü­şi­niň äh­li ug­ru­ny öňün­den kes­git­le­di. Öz­bo­luş­ly hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si di­ňe bir uly möç­ber­li döw­let öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny we dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin däl, eý­sem, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, äh­li ýurt­lar hem-de ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin esas bol­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler bi­len üz­nük­siz bag­ly bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň has-da da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň bin­ýa­dy bol­dy.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dep­gin­li ösüş­ler we giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len tä­ze teh­no­lo­gik eý­ýa­ma ga­dam bas­ýan ýur­du­myz ýe­ňiş­li ýol­la­ry na­zar­la­ýar. Ýo­ka­ry dur­muş öl­çeg­le­ri­ni üp­jün ed­ýän ägirt uly mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da dur­muş mak­sat­ly iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy, bi­lim, me­de­ni, yl­my we sport mak­sat­ly eda­ra­la­ryň giň top­lu­my dö­re­dil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hem äh­li kün­jek­le­rin­de önüm­çi­lik-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si gur­lup ula­n­ma­ga be­ril­di hem-de bir­nä­çe des­ga­la­ryň bol­sa gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Da­şo­guz şä­he­ri­niň mer­ke­zin­de açy­lan 450 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, 150 orun­lyk on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy il­deş­le­ri­mi­ziň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­dy.
Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­nyň ama­la aşy­ryl­ýan döw­rün­de Da­şo­guz şä­he­rin­de kuw­wat­ly­ly­gy 120 MWt bo­lan bug tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak we Da­şo­guz elekt­rik stan­si­ýa­syn­dan Kö­ne­ür­genç şä­he­ri­ne çen­li elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de, me­ýil­leş­di­ril­ýän ýe­di­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da tä­ze gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy eme­le ge­ler. We­la­ýat­da su­wuk­lan­dy­ry­lan ug­le­wo­do­rod ga­zy­ny ön­dür­ýän des­ga­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly önüm­çi­lik za­wo­dy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, we­la­ýa­ty­my­zyň çäk­le­rin­de tä­ze gaz­himi­ýa önü­mi­niň ön­dü­ri­li­şi baş­la­nar. We­la­ýa­ty­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek we­zi­pe­le­ri­ni ne­ti­je­li çöz­mek üçin gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň hem-de ýe­ňil se­na­ga­tyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak, oba ho­ja­ly­gy­nyň, dok­ma önüm­çi­li­giň, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. We­la­ýa­tyň öz çig ma­ly­nyň bin­ýa­dyn­da tä­ze kär­ha­na­la­ry we önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­giň ha­sa­by­na gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň ösü­şi­ni iş­jeň­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Öň­de du­ran dö­wür­de ýü­ňi we de­ri­ni il­kin­ji iş­le­ýän, sin­te­tik ha­ly­la­ry ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si se­bit­de ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy ösü­şi ala­mat­lan­dyr­ýar.
Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty bo­ýun­ça mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny, köp­dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. We­la­ýa­ty­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny öz­gert­me­giň esa­sy mak­sa­dy oba ho­ja­lyk çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li, şol san­da eks­por­ta gö­nük­di­ri­len pu­dak­la­ry­ny dö­ret­mek bo­lup dur­ýar.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly ýur­du­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny, onuň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­me­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak­da hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýan, öň­den­gö­rü­ji we mak­sa­da gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat al­nyp ba­ryl­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­lent sep­git­ler na­zar­lan­ýar. Mäh­ri­ban Di­ýa­ry­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar, şan­ly wa­ka­lar hal­ky­myz­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge hy­juw we ru­hu­be­lent­lik duý­gu­sy­ny dö­red­ýär. Aba­dan ýur­du­myz­da çe­kil­ýän ha­lal zäh­me­tiň ne­ti­je­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­dyr. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň berk­li­gi­niň, döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň köp de­re­je­de ag­zy­bir­lik­de çe­kil­ýän zäh­me­te, dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ne bag­ly­dy­gy­na oňat dü­şün­ýän we­la­ýa­ty­my­zyň kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň äh­li de­re­je­dä­ki gu­ra­ma­la­ry Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na her bir zäh­met adam­sy­nyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne ky­bap­daş be­lent ruh bi­len zäh­met çek­me­gi ug­run­da ta­gal­la­la­ry ed­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ge­çen ýo­ly beý­le­ki köp san­ly üs­tün­lik­ler­dir be­lent sep­git­le­re bes­le­nip, olar tä­ze mak­sat­la­ra, ösüş men­zil­le­ri­ne ýet­me­giň öze­ni bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Ma­ýa Gur­ban­dur­dy­ýe­wa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň Ma­li­ýe bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.