Oksford sözlügi 2025-nji ýylyň sözi hökmünde “ragebait” diýen sözi saýlady. “Ragebait” sözi “gazap çeňňegi” diýen manyny berýär. “Oxford University Press” neşirýatynyň maglumatyna görä, ýylyň sözi jemgyýetçilik ses berişligi we dil bilermenleriniň seljermesi netijesinde saýlandy. Sözlükde “Ragebait” “öjükdiriji ýa-da kemsidiji elementleri ulanmak arkaly gahar-gazap döretmek üçin ýörite döredilen onlaýn-mazmun bolup, adatça, belli bir web sahypada ýa-da sosial mediada trafigi ýa-da gatnaşygy artdyrmak maksady bilen çap edilýär” diýip düşündirilýär.
Bilermenler “gazap çeňňegi” adalgasynyň meşhurlygyny ulanyjylaryň arasynda interneti has aňly-düşünjeli ulanmagyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu bolsa üns çekmek üçin meçew berijileriň sanynyň artmagyna getirdi.
“Bu hadysa häzirki wagtda syýasat, kimlik we dezinformasiýa baradaky pikir alyşmalary kemala getirmekde hem uly rol oýnaýar” diýip, neşirýat belleýär.
PDF









