Önümçilikde we satuwda rekord goýdy

178

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry ma­li­ýe ýag­daý­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ýaý­rat­dy­lar. Şo­la­ryň bi­ri hem Ýa­po­ni­ýa­nyň “Toyo­ta Mo­tor” kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Kom­pa­ni­ýa 2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da glo­bal önüm­çi­lik­de we sa­tu­wyn­da iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýe­tip­dir. Ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa­nyň il­ki­ni ýy­lyn­da ýü­ze çy­kan çip ýet­mez­çi­li­gi hem ara­dan aý­ry­lyp baş­lap­dy. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mag­lu­mat ber­me­gi­ne gö­rä, mar­tyň ahy­ry­na ta­mam­la­nan 2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň ön­dü­ren aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­ny 2021-nji ýyl­da­ky­dan 6,5 gö­te­rim ar­typ, 9,13 mil­lio­na ýe­tip­dir. De­giş­li dö­wür­de kom­pa­ni­ýa Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şyn­da­ky za­wod­la­ryn­da 6,34 mil­lio­na aw­tou­lag ön­dü­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji ozal­ky ýyl­da­ky­dan 9,2 köp bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň glo­bal önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gyn­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka, Hy­taý we Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa ýa­ly ýurt­lar­da­ky önüm­çi­li­giň tä­si­ri uly bo­lup­dyr.
Ýur­duň için­dä­ki aw­tou­lag önüm­çi­lik bol­sa, 0,9 gö­te­rim ar­typ, 2,79 mil­lio­na ýe­tip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň mun­dan ozal­ky önüm­çi­lik re­kor­dy 2018-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp, şol 9,55 mil­li­on “Toyo­ta” ön­dü­ri­lip­dir.

Ah­met My­ra­dow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.