«Stellantis» elektroulaglar üçin 1 milliard ýewro maýa goýar

2

«Peugeot», «Fiat» we «Jeep» ýaly meşhur haryt nyşanlarynyň eýesi bolan «Stellantis» awtokonserni Fransiýanyň gündogaryndaky Müluz şäherinde ýerleşýän zawodyna 1 milliard ýewro möçberinde maýa goýjakdygyny mälim etdi. Bu serişde elektrik we gibrid hereketlendiijili «Peugeot» kysymly täze üç ulag modelini işläp taýýarlamaga hem-de öndürmäge gönükdiriler. Täze ykjam sedanlaryň we ýolsuz ýerde ýöreýän ulaglaryň önümçiligini 2029-njy ýylda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu çözgüt Ýewropanyň awtoulag bazarynda Hytaýyň «BYD», «MG Motor» we «Chery» ýaly elektroulag öndürijileriniň bäsdeşliginiň güýçlenýän, şeýle hem Ýewropa öndürijileriniň täze tehnologiýalara we elýeterli modellere ünsüni artdyrýan döwrüne gabat geldi. Bu ädim korporasiýanyň ýakyn bäş ýylda girdejililigi dikeltmäge gönükdirilen 60 milliard ýewro möçberindäki has giň gerimli strategiýasynyň bir bölegidir.
Dünýäniň dördünji iri awtoöndürijisi bolan bu kompaniýa häzirki wagtda özüniň esasy haryt nyşanlaryna goldaw bermäge çalşyp, önümçilik çykdajylaryny azaltmak we täze modelleri taýýarlamagy çaltlandyrmak maksady bilen «STLA One» atly täze platformasyny hem tanyşdyrdy. Şonuň bilen birlikde, kompaniýa halkara bazarlaryndaky ornuny berkitmek we satuw möçberlerini artdyrmak üçin Hytaýyň «Dongfeng» awtoöndürijisi bilen Ýewropada bilelikdäki kärhana döretmek barada ylalaşyk baglaşdy.