Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda Oraza baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.

Hal­ky­my­zyň ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­ly­gy­ny, yn­san­per­wer­li­gi­ni has-da aý­dyň­laş­dyr­ýan mü­bä­rek aý­la­ryň bi­ri hem Ora­za aýy­dyr. Yn­san­per­wer­li­gi, hoş­ni­ýet­li­li­gi, dost-do­gan­ly­gy, päk­li­gi ebe­di ýol-ýö­rel­ge edi­nen türk­men hal­ky be­den we ru­hy taý­dan päk­len­me­giň ke­rem­li aýy hök­mün­de mu­kad­des Ora­za aýy­na aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar.
Ora­za aýy hal­ky­myz­da sa­ha­wa­tyň we ka­na­ga­tyň, ha­lal­ly­gyň we ha­ýyr­ly iş­le­riň aýy hök­mün­de de­re­je­len­ýär. Aý­la­ryň ser­we­ri bo­lan mu­kad­des Ora­za aýyn­da agyz bek­läp, kal­by­ňy, ru­hu­ňy tä­miz­le­mek Be­ýik Al­la­nyň öz eziz gö­ren adamla­ry­na sa­ha­wa­ty, ha­ýyr-so­ga­by ba­gyş et­me­gi­niň ala­ma­ty­dyr.
Ora­za tut­ma­gyň yn­sa­nyň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri, äh­mi­ýe­ti, Ora­za baý­ra­my­nyň bi­ziň döw­le­ti­miz­de bel­le­ni­li­şi we bu aý bi­len bag­la­ny­şyk­ly beý­le­ki däp-des­sur­lar ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň
«Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­byn­da hem gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar bar.
Bu ki­tap­da Ora­za aýy we onuň äh­mi­ýe­ti Ku­ra­ny Ke­ri­miň aýat­la­ry­na, Mu­ham­met py­gam­be­riň ha­dys­la­ry­na, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gy se­tir­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, düş­nük­li we tä­sir­li dil­de, yg­ty­bar­ly yl­my mag­lu­mat­lar esa­syn­da be­ýan edil­ýär. Mü­bä­rek aýyň baş­lan­ma­gy bi­len hor­mat-sy­la­gyň art­ma­gy, tu­tuş jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ýar diý­lip bel­len­ýär. Re­me­zan aýy­nyň iň äh­mi­ýet­li gi­je­le­ri­niň bi­ri Ga­dyr gi­je­si­dir. Ku­ra­ny-ke­rim­de «Ga­dyr gi­je­si müň aý­dan hem ha­ýyr­ly­dyr» di­ýil­me­gi, bu gi­jä­niň ga­dyr-mer­te­be­si­niň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ora­za aýy­nyň 26-syn­dan 27-si­ne ge­çil­ýän gi­je Ga­dyr gi­je­si ha­sap­lan­ýar. Gi­jä­niň ady «Laý­lat al-Kadr» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, türk­men di­lin­de «per­man, so­gap» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Mah­la­sy, Ga­dyr gi­je­si Gur­ha­nyň il­kin­ji aýat­la­ry­nyň Ýe­re inen iň so­gap­ly gi­je­si­dir.
Re­me­za­nyň Arş­dan Ze­mi­ne so­gap nu­ry ýag­ýan gi­je­si ‒ Ga­dyr gi­je­si kül­li mu­sul­ma­nyň dur­mu­şy­nyň mü­bä­rek pur­sat­la­ry­dyr. Müň aý­dan ha­ýyr­ly sa­ýyl­ýan Ga­dyr gi­je­sin­de ýag­şy di­leg­ler edip otur­ma­gyň özi-de yn­san­la­ryň kal­by­na nur çaý­ýar, bi­rek-bi­re­ge ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Bu gi­je­de ber­jaý edi­len yba­da­tyň, ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň so­ga­by beý­le­ki müň aýyň do­wa­myn­da edi­len yba­dat­la­ryň, ha­ýyr-sa­ha­wat­la­ryň so­ga­byn­dan üs­tün­dir. Şo­nuň üçin hem her bir yn­san ýa­kyn­la­ry­nyň, il-gü­nüň, Wa­ta­nyň aba­dan­ly­gyn­da iň ýag­şy gün­le­riň ýa­ran bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz asyl­ly dä­be eýe­rip, iş ke­si­len 321 ra­ýa­tyň mü­bä­rek Ga­dyr gi­je­si my­na­sy­bet­li gü­nä­si­ni geç­mek ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gü­nä­si ge­çi­len adam­la­ra yh­las­ly zäh­met çe­kip, eziz Wa­ta­ny­my­za ak ýü­rek­den hyz­mat edip, ha­lal zäh­me­tiň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­mak­la­ry­ny ar­zuw et­di.
Ora­za baý­ra­my Re­me­zan aýy­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ora­za baý­ra­my Şew­wal aýy­nyň hem bi­rin­ji gü­ni ha­sap­lan­ýar we şol gün agyz bek­len­me­ýär. Ora­za baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­nün­de met­jit­ler­de adam­lar baý­ram na­ma­zy­ny oka­ýar­lar.
Şol gün giň­den sa­çak ýa­zy­lyp, bi­rek-bi­re­ge myh­man bar­lyp, goň­şu­la­ra ta­gam hö­dür­len­ýär, sow­gat be­ril­ýär. Ru­hu­be­lent­li­giň, şat­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň we aba­dan­çy­ly­gyň ny­şa­ny bo­lan bu gün bi­le­lik­de baý­ram edil­ýär. Bag­ty­ýar­ly­ga bes­le­nen ýur­du­my­zyň her bir oja­gyn­da as­ma­ny­my­zyň aras­sa, ili­mi­ziň aba­dan, hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň halk bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy di­leg edil­ýär. Goý, şeý­le päk ar­zuw-ni­ýet­ler Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!

Ar­zuw GY­LY­JOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýainstitutynyň talyby.