Ispaniýaly meşhur artist, oskarly aktrisa Penelope Kruz “L’immensita” atly filmde baş keşbi janlandyrar. Filme Emanuele Krialese režissýorlyk eder. Filmdäki wakalar 1970-nji ýyllarda Rimde bolup geçýär. Ekran eserinde Klara atly zenanyň öz çagalaryna bolan çäksiz söýgüsi barada gürrüň berilýär. Geljek ýylyň tomsunda surata düşürilip başlanjak filmi “Pathe Films” kompaniýasy kinoteatrlara ýaýradar.
PDF







