Geçen ýylyň mart aýynda geçirilen 97-nji Oskar baýraklarynda latwiýaly režissýor Gints Zilbalodisiň “Akym” (Straume, 2024) atly multfilmi iň gowy animasiýa hem-de iň gowy halkara film ugurlary boýunça ýeňiji bolupdy. Bu animasiýada batyrgaý gara pişigiň başdan geçirenleri barada gürrüň berilýär. Sözsüz bolan bu animasiýa diňe bir Oskar däl, eýsem, “Altyn globus”, “Independent Spirit”, “Sezar”, “Annie” ýaly, 40 töweregi baýrak gazandy. Animasiýanyň ençeme baýrak gazanmagyndan soň dünýädäki gara pişikleriň bagty açyldy diýse bolar.

Mälim bolşy ýaly, pişikleriň gara reňklileri bilen baglanyşykly dürli-dürli yrymlar, ynançlar, garaýyşlar bar. Ýöne bu animasiýadan soň gara pişikler hakyndaky düşünjelerde azda-kände üýtgeşmeler peýda bolup başlady. Haýwan saklanylýan ýerlerden gara pişikleri öýlerine alyp gidýänleriň sanynda görnetin öňegidişlik duýulýar. Hatda täze pişik edinýänleriň arasynda jandarlarynyň atlaryny şol animasiýa salgylanyp goýýanlaryň sanynyň hem köpelendigi bellenilýär.

Mahlasy, Braziliýadan Ispaniýa, ABŞ-dan Aziýa çenli iňlis dilinde “Flow” diýlip at goýlan bu multfilmiň gara pişiklere bolan garaýşa oňaýly täsir edendigi hasaba alyndy. Bu bolsa täsirli beýan edişiň global güýjüni görkezýär. Şu animasiýa çeper beýan edişiň täzeçillige ymtylýanlar üçin ylham çeşmesi bolýandygyny ýene bir ýola subut edýär diýip, hünärmenler bellýär.

Ýeri gelende bellesek, animasiýa üçin 3,5 million ýewrolyk çykdajy edilip, ol prokatlardan 50 million ýewro möçberinde kassa ýygymyny toplapdy.