Alym­lar «Adam­lar ody oý­lap tap­ma­dy­lar, olar ala­wy aç­dy­lar» di­ýip bel­le­ýär­ler. Ýyl­dy­ry­myň çak­ma­gy bi­len to­ka­ýyň kä­bir ýe­ri­ne uç­gun dü­şüp­dir hem-de alaw peý­da bo­lup­dyr. Adam­lar öz ýa­şa­ýan ýe­ri­ne (go­wak, öý) ot bö­lek­le­ri­ni we köz alyp ge­lip­dir­ler. Olar şeý­dip, ody sön­dür­män sak­lap, te­bi­gy ýag­ty­lyk­dan we gyz­gyn­lyk­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Eger ot sön­se, ony gaý­ta­dan ýak­mak örän kyn bo­lup­dyr.
Wag­tyň geç­me­gi we me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi bi­len adam­lar «Ody nä­dip ýa­nyň­da gö­te­rip bo­lar?» di­ýen so­wa­lyň çöz­gü­di­ni göz­läp­dir­ler. Is­len­dik wagt aň­sat­lyk bi­len ýa­kyp bol­ýan usu­ly oý­lap tap­ma­ga sy­na­ny­şyp­dyr­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, kü­kürt­den öň, için­de su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz we uç­gun be­ri­ji bö­le­gi bo­lan çak­mak oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da aş­ha­na­da giň­den ula­nyl­ýan ot­lu­çöp adam­zat ta­ry­hyn­da has giç peý­da bo­lup­dyr. Ot­lu­çöp­den öň ot ýak­mak üçin dür­li gu­ral­lar ula­ny­lyp­dyr. Çak­mak da­şyn­dan baş­lap, hä­zi­ri­ki uç­gun be­ri­ji gu­ral­la­ra çen­li bir­nä­çe sy­na­ny­şyk­lar edilipdir. Eý­sem, ot­lu­çöp ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy­ka? Ot­lu­çö­püň giç peý­da bol­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri nä­me?!